Redmi arzan Redmi A2 we Redmi A2 + smartfonlaryny hödürledi

  • 28.03.2023 15:21
  • 14k+

Ýewropada Note 12 smartfon hataryny, Redmi Watch 3 akylly sagady resmi taýdan tanyşdyrandan soň, Redmi arzan Redmi A2 we Redmi A2+ smartfonlaryny çykardy. Emma beýleki täze önümlere köp üns berlenem bolsa (iň bärkisi olar barada resmi Xiaomi Europe Twitterinde aýdylyp geçildi), Redmi A2-ni we Redmi A2+-y Mi.com-yň resmi web sahypasyndaky kataloga goşmak bilen oňdular.

Iki smartfon hem 1600×720 piksel durulykda 6,52 dýuýmlyk iPS displeýi aldy. MediaTek Helio G36 çipi, 2 ýa-da 3 GB RAM we 32 GB hemişelik ýat (microSD kartlar üçin ýer bar).
Esasy kamera 8 megapiksel, öňdäki kamera 5 megapiksel. Batareýa 5000 mA/s, nauşnik dakmak üçin ýer we garaşylmadyk ýagdaýda zarýad bermek üçin mikroUSB bar.
Adynda goşmak belgisi bolan wersiýa barmak yzy skanerini aldy.
Smartfonlar gara, ýaşyl we gök reňklerde bolar. Redmi A2-niň esasy wersiýasynyň bahasy 115 dollardan başlaýar.


06.02.2026 09:00
1.3k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...