Hemilton “Formula-1-de” ýene-de ýeňiş gazanjakdygyny aýtdy

  • 28.03.2023 00:03
  • 6.5k+

“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton titul ugrunda göreşip başlajakdygyny, ýöne munuň üçin wagt gerekdigini aýtdy diýip, vesti.ru belleýär.

“Men ýene-de ýeňiş gazanyp başlaryn, ýöne munuň üçin wagt gerek bolar. Hawa, 2021-möwsümi tamamlanandan soň biz indiki möwsümde çempionlyk gazanmak üçin göreşmegi dowam etjekdigimize ynanypdyk. Ýöne näme boljakdygyny hiç haçan bilmeýärsiň” – diýip, Daily Express onuň sözlerini getirýär.
“Durmuşda biziň garaşmak islemeýän zatlarymyz bolup geçýär. Ýöne gürrüň bu ýagdaýdan nähili baş çykarýandygyň we ýüze çykýan meseleleri nähili çözýändigiň baradadyr. Ine, meniň energiýam hem şoňa sarp edilýär. Topardaky her bir adam hem şuňa üns berýär” – diýip, Hemilton belleýär.

Ýatlap geçsek, häzirki möwsümiň iki tapgyryndan soň Hemilton “Formula-1-iň” şahsy sanawynda bäşinji orunda barýar. “Mersedes” bolsa Konstruktorlaryň kubogynda üçünji orny eýeleýär.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....