Kriştianu Ronaldu milli ýygyndysy üçin geçiren oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy

  • 24.03.2023 12:52
  • 23k+

Hüjümçi Kriştianu Ronaldu penşenbe güni Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysy üçin özüniň 197-nji oýnunda meýdança çykyp, milli topar üçin geçiren oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy. Bu barada TASS habar berýär.

Ronaldu 2024-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama ýaryşynyň birinji tapgyrynyň Lihtenşteýn toparyna garşy oýnunda başlangyç düzümde çykdy. Ol milli ýygyndysynyň düzüminde 196 gezek meýdança çykan kuweýtli oýunçy Bader al-Mutawanyň üstünliginden öňe geçmegi başardy. Oýnuň ýeňijisi 4:0 hasabynda utan Portugaliýanyň milli ýygyndysy boldy. Gol bilen Žuan Kanselu (8-nji minut), Bernardu Silwa (47) we Ronaldu (51- penaltiden, 63) tapawutlandy.
Portugaliýanyň we Lihtenşteýniň ýygyndylary Bosniýa we Gersegowinanyň, Slowakiýanyň, Lýuksemburgyň we Islandiýanyň toparlary bilen bilelikde J toparçada çykyş edýärler. Indiki oýunda portugaliýalylar 26-njy martda çykyşda Lýuksemburgyň ýygyndysyna garşy oýnar, Lihtenşteýnden futbolçylar bolsa şol gün islandiýalylary kabul ederler.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....