Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berildi

  • 24.03.2023 08:36
  • 17k+

Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenildi. Bu barada 2023-nji ýylyň 24-nji martyndan herekete giren «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilýär. Kanun türkmen metbugatynda çap edildi.

Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär.
Kanun IV bapdan, 13 maddadan ybarat.
Kanuna laýyklykda, Arkadag şäheriniň çägi Türkmenistanyň çäginiň aýrylmaz bölegini düzýär.
Arkadag şäheriniň eýeçiliginde şäher býujetiniň serişdeleri, şäher kärhanalarynyň we edaralarynyň emlägi, şeýle hem kanuna laýyklykda beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolmadyk gaýry obýektler durýar.
Arkadag şäheriniň çäginde ýerine ýetiriji häkimiýet şäheriň häkimi we etraplaryň häkimleri tarapyndan amala aşyrylýar. Arkadag şäheriniň häkimi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Arkadag şäheriniň häkimi Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berýär. Arkadag şäheriniň etraplarynyň häkimleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Arkadag şäheriniň häkiminiň teklibi boýunça bellenilýär. Arkadag şäheriniň etraplarynyň häkimleri Arkadag şäheriniň häkimine hasabat berýärler.
Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Arkadag şäheriniň häkimi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň merkezi pudaklaýyn edarasynyň (ministrlikler, pudaklaýyn edaralar) ýolbaşçysy tarapyndan amala aşyrylýar.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......