Apple täze iOS 16.4-i hödürledi. Onda nämeler peýda boldy?

  • 24.03.2023 05:51
  • 13k+

Apple kompaniýasy operasion ulgamynyň täze wersiýasyny hödürledi. iOS 16.3 ýakyn wagtda iOS 16.4 bilen çalşyrylar diýip, iPhones.ru ýazýar. Şu wagta çenli Release Candidate diýlip atlandyrylýan OС 16.4 döredijilere 20E246 ýygnalyş belgisi bilen elýeterlidir. Onuň birnäçe goşundylary optimallaşdyryldy, näsazlyklary düzedildi, şeýle-de, 21 emodzi goşuldy.

Häzirlikçe girizilen täzelikleriň sanawy aşakdakylar:

  • adaty jaňlar üçin "Ses izolýasiýasy" funksiýasy goşuldy;
  • iCloud Shared Photo Library-de dublikat suratlary gözlemek funksiýasy goşuldy;
  • iPhone 14 we iPhone 14 Pro-da "bökdençlikleri ýüze çykarmak" optimallaşdyryldy;
  • ýagtylandyryjy çyralar ýa-da stroboskoplar tapylanda wideony awtomatiki  garaňkyratmak üçin elýeterlilik sazlamasy goşuldy;
  • çagalaryň satyn almak islegleriniň ene-atanyň enjamynda görkezilmezligi bilen bagly mesele düzedildi;
  • esasy ekrana goşulan web-goşundylary üçin bildirişler peýda boldy;
  • Weather goşundysyndaky kartlar üçin VoiceOver goldawy goşuldy;
  • Apple Home bilen baglaşylanda termostatlaryň jogap bermezligine sebäp bolup biljek meseleler aradan aýryldy;

Täzelikleriň doly sanawy resmi reliz bilen bilelikde belli bolar we ol TechCrunch-iň onlaýn neşiriniň habar berşi ýaly, mart aýynyň ýa-da aprel aýynyň ahyrynda geçse gerek.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...