AFP: Mbappe Fransiýanyň milli futbol ýygyndysynyň täze kapitany boldy

  • 22.03.2023 16:36
  • 13k+

Fransiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Didýe Deşam hüjümçi Kilian Mbappeni Fransiýanyň milli ýygyndysynyň täze kapitany edip belledi. Bu barada AFP sişenbe güni habar berdi.

9-njy ýanwarda milli ýygyndyda karýerasyny tamamlan, “Tottenhemyň” derwezebany Ugo Lýoris Fransiýanyň ýygyndysynyň öňki kapitanydy. Milli toparyň  wise-kapitany edip ispan “Atletikosynyň” hüjümçisi Antuan Grizmann bellendi.
24 ýaşly Mbappe, "Pari Sent-Žermen”-iň oýunçysy, 2018-nji ýyldan bäri oýnap gelýär, oýunçy toparyň düzüminde ýene bir möwsümi kärende hukugynda geçirdi.

Fransuz milli ýygyndysynyň düzüminde hüjümçi 36 gol geçirmek we 23 gezek netijeli pas bermek bilen 66 oýna gatnaşdy. Milli ýygyndy bilen bilelikde dünýä çempionatynda (2018), Milletler ligasynda (2021) ýeňiji boldy we soňky dünýä birinjiliginde (2022) kümüş medallara eýe boldy. Mbappe Katarda geçirilen dünýä çempionatynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy, Argentinanyň milli ýygyndysyna garşy jemleýji oýunda  (esasy wagt - 2: 2, goşmaça wagt - 3: 3, jerime urgusy - 2: 4) futbolçy het-trik görkezdi.


düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....