Samsung hatda arzan smartfonlaryndan hem zarýad beriji adapteri aýrar

  • 22.03.2023 09:37
  • 29k+

Insaýder Ahmed Kweýder entek satuwa çykmadyk Galaxy A14 4G-niň gutusynyň suratyny internetde goýdy. Galyňlygyndan çen tutsaň, içinde zarýad beriji adapteri ýok. Ýagny, indi arzan gurluşlaryň toplumynda hem zarýad beriji enjam aýrylyp, onda diňe enjamyň özi, gözükdirme we USB-C kabeli.

Galaxy A seriýasy Samsung-yň iň arzan görnüşlerinden biridir. Zarýad beriji adapter ilki 2021-nji ýylda “Galaxy S”, soň bolsa “Galaxy M” seriýasynda toplumdan aýryldy.
Öndürijiler Apple-iň şuňa meňzeş kararyndan soň, zarýad adapterini toplumdan aýryp başladylar. Kompaniýa muny daşky gurşaw barada alada edilýändigi bilen düşündirýär, USB-C uzak wagtdan bäri bazara çykýar, her kimiň adapteri bar we goşmaça zarýadka öndürmek, olary toplap oturmak gerek däl.


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...