82 ýaşly amerikaly aýal dünýäde iň garry hokkeýçi boldy

  • 19.03.2023 23:50
  • 10k+

Wirjiniýa ştatyndan 82 ýaşly aýal dünýäniň iň garry hokkeýçisi diýlip ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Wirjiniýa ştatynyň Lorton şäherinden Linda Sinrod 35 ýaşynda hokkeý bilen gyzyklanýar. Mundan öň ol figuraly typmak bilen meşgullanypdy. Ol doňan howzuň buzunda typan wagty ilkinji gezek hokkeý oýnamagy barlap görýär we şol ýerde oýnan hokkeýçiler oňa hokkeý taýagyny almagy teklip edýärler.
Sinrod bu oýny şeýle bir gowy görýär welin, ol Kolumbiýa okrugynyň Waşington şäherinde ilkinji zenanlar hokkeý toparyny esaslandyrýar. Sinrod 10 ýylyň dowamynda oýnaýar, soňra ençeme wagtlap topardan gidýär, şondan soň ýene-de hokkeýe dolanyp barýar.

“Pensiýa çykanymdan soň, men köne topardaş joralarymyň näme bilen meşgullanýandygyny gördüm we olaryň biriniň Prince William Wildcats toparyna tälimçilik edýändigini bildim, şonuň üçin 67 ýaşymda olara goşulmak kararyna geldim” – diýip, Sinrod özüniň hokkeýe dolanmagynyň sebäbini düşündirýär.

8 ýyldan soň topardaş joralary ondan “Wildcats-den” gitmegi soraýarlar (ol eýýäm 75 ýaşyndady). Ýöne ol hokkeýi taşlamak islemändi we şonuň üçin ýylda iki gezek oýun geçirýän zenanlar ligasynda oýnap başlady.


19.06.2026 19:53
2.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......