FIFA-nyň prezidenti VAR ulgamynyň has ýönekeýleşdirilen görnüşiniň döredilýändigini anons etdi

  • 19.03.2023 11:09
  • 13k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) eminlere wideo kömekçi (VAR) ulgamynyň has ýönekeýleşdirilen görnüşini döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada FIFA-nyň Ruandada geçirilen kongresinde eden çykyşynda guramanyň prezidenti Janni Infantino aýtdy diýip, sputnik.by habar berýär.

“Biz dünýäniň 100-den gowrak döwletinde VAR-y işe girizdik hem-de dört kamerany talap edýän “laýt” görnüşini hem hödürleýäris. Şeýle-de, biz Var Zero-da çykýarys – eger dört kamera bolmasa, eminlere kömek etmek üçin, iň bolmanda, birini goýmak bolar. Biz mundan beýläk hem her bir futbol assosiasiýasynyň eminlere kömek beriji tehnologiýany ulanmak mümkinçiliginiň bolmagy üçin bu görnüşleriň ählisini barlamagy dowam ederis, sebäbi emin bolmak örän kyn” – diýip, Infantino aýtdy.

VAR ulgamy 2018-nji ýylda futbol oýnunyň düzgünlerine girizildi. Ulgamy ulanan milli toparlaryň ilkinji halkara ýaryşy 2017-nji ýylda Russiýada geçirilen Konfederasiýalaryň kubogy boldy.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.1k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....