Toyota Corolla-nyň iň golaý bäsdeşi Nissan Sylphy tanyşdyryldy

  • 18.03.2023 15:20
  • 19k+

Ýaponiýanyň Nissan kompaniýasy üýtgedilen görnüşe eýe bolan, ýöne şol bir wagtyň özünde öňki nesilleriňki ýaly hereketlendirijileri we köne bahalary saklap galan, täzelenen Sylphy sedanyny hödürledi.

Toyota Corolla-nyň iň golaý bäsdeşi hasaplanýan Nissan Sylphy islege görä iki görnüşli güýç gurluşy bilen 11 sany toplum derejesinde elýeter. Esasy wersiýalarynda 135 at güýjüne deň bolan, aýlanýan pursady 159 Nm-ly 1,6 litrlik atmosfera hereketlendirijini aldy. Şeýle hem, 1,2 litrlik hereketlendirijini öz içine alýan e-Power gibrid güýç gurluşly wersiýalary bar. Gibrid görnüşleriniň güýji, 300 Nm torkda, 126 at güýjüne deň.

Hytaýda esasy wersiýa 14 300 dollar, gibrid görnüşli Nissan Sylphy bolsa 20 150 dollar bilen 25  300 dollar aralygynda hödürlenýär.
Esasy wersiýasy el bilen geçirilýän  bäş tizlikli hem-de ABS we duýgur ekranly multimediýa ulgamy ýok. Köne wersiýalary 100 km üçin 4 litr töweregi ýangyç sarp etmegi we 12,3 dýuýmlyk duýgur ekrany hödürleýär.
Täzelenen Nissan Sylphy-nyň satuwy Hytaýda mart aýynyň ahyryna çenli başlar.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....