FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino üçünji möhlete gaýtadan saýlandy

  • 17.03.2023 12:16
  • 6.7k+

Halkara Futbol Federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino bu gurama ýene dört ýyl ýolbaşçylyk eder. 

Penşenbe güni Ruandada FIFA-nyň ýolbaşçysynyň saýlawlary geçirildi. Bu wezipä ýeke-täk dalaşgär hem federasiýanyň häzirki prezidenti Infantino boldy. 
Şonuň üçin ses berişlik bolmady we işgärler onuň gaýtadan saýlanmagyny el çarpyşmalar bilen goldadylar. Halkara Futbol Federasiýasynyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýeke-täk dalaşgär hödürlenen ýagdaýynda onuň dalaşgärligi el çarpyşmalar görnüşinde tassyklanyp bilner.
Infantino hasap boýunça FIFA-nyň dokuzynjy prezidentidir, ol ilkinji gezek federasiýa 2016-njy ýylyň fewralynda ýolbaşçy boldy. 2019-njy ýylda gaýtadan saýlandy, şonda hem bu wezipä Infantinonyň özünden başga dalaşgär ýokdy. Onda Şweýsariýanyň we Italiýanyň raýatlygy bar.
Ikinji gezek gaýtadan saýlanandan soň, Infantino ilki bilen maliýe meseleleri boýunça birnäçe bildirişleri aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, futbol işgärleri klublar tarapyndan täze oýunçylary satyn almak üçin sarp edilýän mukdaryň aýdyň bolmagynyň üstünde işlemeli. Ýatlap geçsek, gyşky transfer penjiresiniň jemi boýunça klublaryň umumy çykdajylary 1,57 mlrd dollara barabar boldy.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.1k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....