Ýewropa ligasynyň 1/4 finalyna gatnaşyjylar belli boldy

  • 17.03.2023 12:14
  • 12k+

Ýewropa ligasynyň şu möwsüminiň çärýek finalynda çykyş etjek klublar belli boldy.

Ýaryşyň indiki tapgyryna «Mançester Ýunaýted», «Feýenoord», «Sewilýa», «Ýuwentus», «Baýer», «Ýunion», «Roma» we «Sporting» çykdy.
Ýewropa ligasynyň 1/4, 1/2 hem-de final tapgyrynyň bijeleri şu gün, 17-nji martda Nýonda (Şweýsariýa) geçer. Birinji çärýek final oýunlary 13-nji aprelde, jogap duşuşyklar – 20-nji aprelde geçer. Ýarym final oýunlary 11-nji we 18-nji maýda oýnalar.
Final duşuşygy 31-nji maýda Budapeştde «Puşkaş Arena» stadionynda geçer.
Geçen möwsümde Ýewropa ligasynyň final duşuşygynda «Aýntraht» «Reýnjersden» üstün çykdy.


düýn 14:21
7.8k+

Türkmen futbolçysy Wepa Jumaýew Özbegistanyň «Aral» klubuna geçdi

Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-ligasynda dowam etdirer. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň futbolçysy Nukus şäheriniň «Aral» kluby bilen şertnama baglaşdy. 25 ýaşly goragçy soňky 5 möwsümini Belarus çempionatynda geçirdi...

düýn 10:48
2.3k+

Mbappe, Dembele, Holand we Pedri EA Sports FC 26-da «Ýylyň toparyna» girdi

Electronic Arts kompaniýasy ulanyjylaryň ses bermeginiň netijesi boýunça EA Sports FC 26 oýnunda «Ýylyň toparyny» hödürledi. Sanawa senenama ýylynyň dowamynda has tapawutlanan 11 oýunçy girdi. Bu futbolçylar Ultimate Team režiminde ýokary häsiýetnamalar bilen (94-den 97-ä çenli) ýörite wirtual kartoçkalary alar...

16.01.2026 23:02
4.4k+

Romano: «Žirona» ter Ştegeni kärendesine alýar, «Mançester Siti» Mark Gehi bilen şertnama baglaşdy

«Barselonanyň» germaniýaly derwezebany Mark-Andre ter Ştegen ýakyn wagtda «Žironanyň» oýunçysy bolar. Taraplar häzir oýunçyny kärendesine almak boýunça şertnamany ylalaşmagyň ahyrky tapgyrynda diýip, insaýder Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi...

16.01.2026 17:59
3.3k+

Aşgabatda "Köpetdag" stadionynda çagalaryň futbol festiwaly geçirildi

Paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda ýaş türgenler üçin nobatdaky futbol festiwaly geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň futzal kluby bilen bilelikde guraldy...