«Oskar-2023-iň» gowşurylyş dabarasyna 18,7 mln adam tomaşa etdi

  • 16.03.2023 12:34
  • 11k+

Nielsen barlag kompaniýasy «Oskar» baýragynyň 95-nji gowşurylyş dabarasyny göni ýaýlymda gören tomaşaçylaryň resmi sanyny yglan etdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ABC ýaýlymyndaky goýberilişe jemi 18,7 million adam tomaşa etdi.

Dabara bilen bir wagtyň özünde geçirilen «Biziňkileriň soňkulary» jemleýji bölümdäki bäsleşige garamazdan, «Oskaryň» görkezijileri, geçen ýylky dabara bilen deňeşdirilende (15,36 mln), 12 göterim ýokarlandy. Şeýle-de, ösüşe 2022-nji ýylda iň köp girdeji gazanan iki sany - «Awatar: Suwuň ýoly» we «Top Gan: Mewerik» blokbasterleri täsirini ýetirdi: birinjisi iň gowy wizual effektler üçin, ikinjisi bolsa ses üçin baýrak aldy.
«Oskarlarynyň» sany boýunça öňdeligi Denielleriň (7) «Hemme zat hemme ýerde we birbada» diýen manysyz dramasy eýeledi. Lenta iň oňat film, režissurasy, ssenariýesi we üç sany aktýorçylyk işi üçin baýrak aldy. Jimmi Kimmel dabarany alyp barmak üçin gaýdyp geldi. Baýrak alanlaryň doly sanawyny şu ýerden tapyp bilersiňiz.
Taryhda iň köp tomaşaçyly dabara Jeýms Kemeronyň «Titanigi» - 55,3 million tomaşaçy bilen, 1998-nji ýyldaky «Oskar» bolup galýar. Soňky on ýylda 2014-nji ýylda geçirilen gowşurylyş dabarasy (43,6 mln) iň köp tomaşa edildi.


02.05.2026 18:25
3.6k+

"Oskaryň" gowşurylyş düzgünleri üýtgedi: indi aktýorlara bir kategoriýada iki gezek dalaşgär bolmaga rugsat berilýär

Amerikan kino akademiýasy "Oskar" baýragynyň gowşurylyşynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizdi. Täze düzgünler 2027-nji ýylda geçiriljek baýragyň 99-njy gowşurylyş dabarasyndan başlap güýje girer....

08.04.2026 21:26
1.9k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

28.03.2026 15:27
3.2k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.5k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...