Maý aýynda Britaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi öz işine girişer

  • 15.03.2023 23:17
  • 7.2k+

Stiwen Konlon Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine bellenildi. Diplomat wezipe ygtyýarlyklaryna 2023-nji ýylyň maý aýynda girişer diýip, Birleşen Patyşalygyň Hökümet portalyndaky habarda aýdylýar.

Konlon bu wezipede döwlet gullugynda başga işe geçýän Lýusiýa Uaýldy çalşar.
Ondan öň, Stiwen Konlon Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigindäki (Brýussel) wekilhanasynda işledi, Ýewropa parlamentine ýolbaşçylyk etdi, iýmit önümleriniň howpsuzlygy we weterenariýa boýunça atteşe boldy. Ondan öň, Wilnýusda missiýanyň ýolbaşçysynyň orunbasary, Onnuň Alyhezretleriniň ynanylan wekili we konsuly bolup işledi. Şeýle hem ol Helsinkide, Stokgolmda dürli wezipelerde işledi.
Konlon bitewi bazar, azyk, energetika, saglygy goraýyş we weterenariýa meseleleri boýunça Beýik Britaniýa wekilçilik etdi.
Orient agentliginiň ýazmagyna görä, diplomat MBA-nyň diplomyna eýe we rus diline erk edýär.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......