Resmi: Xiaomi 23-nji martda Redmi Note 12 smartfonlaryny dünýä bazaryna hödürlär

  • 15.03.2023 19:42
  • 7.7k+

Hytaýda köpçülige ýetirilenden ýarym ýyl töweregi wagt geçensoň, Xiaomi Redmi Note 12 smartfonlarynyň global görkezilişini yglan etdi.

Öndürijiniň resmi çakylygyna görä, täze önümleriň tanyşdyrylyşy 23-nji martda, ýagny indiki hepde bolar.
Çärede azyndan dört model görkezilmeli: Redmi Note 12, Redmi Note 12 5G, Redmi Note 12 Pro 5G we Redmi Note 12 Pro + 5G. Täze önümler 120 Hz-a çenli ýokarlanan OLED displeýleri, 108 MP-a çenli durulykdaky, 120 Wt-a çenli zarýad alýan kameralary we Qualcomm / MediaTek prosessorlaryny alar. Smartfonlar 279 ýewrodan 499 ýewro aralygynda Ýewropada satylar.


06.02.2026 09:00
1.3k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...