FIFA futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilişini üýtgetdi

  • 15.03.2023 12:48
  • 25k+

FIFA futbol boýunça dünýä çempionaty — 2026-nyň görnüşini hersi dört toparçadan ybarat 12 topara üýtgetdi diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

"FIFA-nyň Geňeşi 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçiriliş tertibine teklip edilýän düzedişi biragyzdan tassyklady" – diýip, beýanatda aýdylýar.

Ýaryşyň toparlaýyn tapgyry 72 oýundan ybarat bolar - toparlaryň hersi dört ýygyndyny öz içine alýan 12 topara bölüner, dörtlügiň içinden birinji orny eýelän iki topar we üçünji orny eýelän sekiz sany iň gowy topar çykar. Toparçalar arasy tapgyrdan soň toparlar 1/16 jemleýji tapgyra çykarlar. Ýaryş jemi 104 oýundan ybarat bolar. Ondan öň dünýä çempionatyna 32 topar gatnaşýardy, ýaryş 64 oýundan ybaratdy.
Ýaryş 56 gün dowam eder. Jemleýji oýny 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda geçirmek meýilleşdirilýär. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ilkinji gezek üç ýurtda: Kanadada, ABŞ-da we Meksikada geçiriler.


şu gün 10:53
2.8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......