2022-nji ýylda Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi rekord 161,1 mlrd dollara ýetdi

  • 14.03.2023 13:21
  • 9k+

Dünýäniň nebit önümçiligi we ätiýaçlygy boýunça iň uly kompaniýasy bolan Saudi Aramco-nyň 2022-nji ýylyň jemi boýunça arassa girdejisi bir ýyl ozalky 110 mlrd dollara garşy 161,1 mlrd dollar boldy. Şeýle hasabat kompaniýanyň habaryndan gelip çykýar diýip, TASS habar berýär.

Şeýlelik bilen görkeziji 46,5% ýokarlandy.
Kompaniýanyň rekord derejeli maliýe görkezijileri nebitiň bahasynyň ýokary bolmagynyň we satuw göwrüminiň hasabyna, şeýle-de gaýtadan işlemegiň marža görkezijileriniň gowulaşmagy netijesinde gazanyldy. Saudi Aramco-nyň dördünji çärýekde diwidend tölegleri 19,5 mlrd dollar bolar.
2022-nji ýylda kompaniýanyň erkin pul akymy 148,5 mlrd dollar bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 38% ýokarlandy. Kompaniýanyň maýa çykdajylary 18% ýokarlanyp, 37,6 mlrd dollara ýetdi. 2023-nji ýylda bu görkeziji 45-55 mlrd dollara çenli ýokarlanyp biler diýlip, kompaniýada bellenilýär.
2022-nji ýylda Saudi Aramco-nyň uglewodorod önümçiliginiň ortaça derejesi günde 13,6 mln barrel nebit ekwiwalentine deň boldy. Suwuk uglewodorod önümçiliginiň göwrümi 11,5 mln b/g boldy.


düýn 12:32
4k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.6k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......