Ýeo “Iň gowy aktrisa” kategoriýasynda “Oskar” baýragyny aldy

  • 14.03.2023 07:58
  • 11k+

Malaýziýaly aktrisa Mişel Ýeo “Hemme zat hemme ýerde we birbada” kartinasyndaky keşbi üçin “Iň gowy aktrisa” nominasiýasynda “Oskar” baýragyna eýe boldy. Öň, bu filmdäki keşbi üçin Ýeo “Altyn globus” baýragyny alypdy.

Şeýle-de, bu baýraga “Tar” lentasyndaky keşbi üçin awstraliýaly Keýt Blanşett, “Blondin” filmi üçin kuba-ispaniýaly aktrisa Ana de Armas, “Lesliniň hatyrasyna” kartinasy üçin angliýaly Andrea Raýzboro we “Fabelmanlar” filmi üçin amerikaly Mişel Uilýams dalaşgär görkezildi.


21.02.2026 16:26
2.4k+

«Rolling Stone» XXI asyryň iň gowy «Oskarly» aktrisalarynyň atlaryny mälim etdi

«Rolling Stone» žurnaly XXI asyrda «Oskar» baýragyna mynasyp bolan aktrisalaryň reýtingini düzdi. Sanaw taýýarlanylanda redaksiýa aktrisalaryň kino sungatyna goşan umumy goşandyna däl-de, hut olaryň baýrak getiren filmlerdäki işleriniň hiline baha berdi...

31.01.2026 14:04
2k+

«Oskar» dabarasynda diňe iki aýdym janly ýerine ýetiriler

15-nji martda geçiriljek «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda «Iň oňat özboluşly aýdym» ugry boýunça dalaşgär görkezilen bäş aýdymyň diňe ikisi janly görnüşde ýerine ýetiriler. Bu barada Variety neşiri Kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasynyň hatyna salgylanyp habar berýär...

23.01.2026 10:03
3.1k+

«Oskar» baýragyna dalaşgärler yglan edildi: «Günäliler» filmi 16 baýrak üçin göreşer

Los Anjelesde 98-nji Oskar baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Bu gezek «Günäliler» («Грешники») honnor filminiň 16 ugurda dalaşgär bolmagy «Oskar» üçin rekord derejedir. Mundan öň iň köp dalaşgärlige mynasyp bolan filmler - «Ähli zat Ýewa hakda» («Все о Еве»), «Titanik» we «La La Lend» filmleridi (14 nominasiýada)...

19.12.2025 15:28
4.4k+

2029-njy ýyldan başlap «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasy YouTube-da ýaýlyma berler

YouTube 2029-njy ýyldan 2033-nji ýyl aralygynda «Oskar» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin aýratyn hukuk aldy. Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy wideohosting bilen şertnama baglaşylandygy barada habar berdi...