“Hemme zat hemme ýerde we birbada” iň gowy film hökmünde “Oskar” aldy

  • 13.03.2023 22:03
  • 18k+

Režissýorlar Den Kwan bilen Deniel Şaýne­rtiň “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filmi “Iň gowy film” nominasiýasynda “Os­kar” baýragynyň eýesi boldy. Amerikan ki­noakademiýasynyň 95-­nji baýrak gowşurylyş dabarasy Los-Anjel­esdäki Dolby teatryn­da geçirildi.

Bu nominasiýada baýr­ak üçin dalaşgärleriň arasynda Jeýms Kem­eronyň “Awatar: Suwuň ýoly”, Stiwen Spil­bergiň “Fabelmanlar”, Martin MakDonanyň “Inişeriniň Banşisi”, Jozef Kosinskiniň “Top Gan: Mewerik”, Todd Fildiň “Tar”, Baz Lurmanyň “Elwis”, Ruben Estlundyň “Gu­ssalyk üçburçlugy”, Edward Bergeriň “Gün­batar frontda üýtgeş­me ýok” we Sara Poll­iniň “Zenanlar diýýä­r” filmi görkezildi.

Film immigrant, kir ýuwulýan ýeriň eýesi Ewelin barada gürrüň berýär. Salgyt eda­rasyna baranynda baş gahrymanyň parallel älemlerde hereket edip bilýändigi we öz­üniň beýleki görnüşl­eriniň ýatlamalaryna we başarnyklaryna eýe bolup bilýändigi ýüze çykýar. Indi bo­lsa ol diňe bir bu dünýäni däl, eýsem tu­tuş multiälemi ýok etmek islän ýaramaz bir zada garşy durmaly bolýar.

Şeýle-de, film iň go­wy režissýorlyk, iň gowy original ssenar­iýa we iň gowy montaž üçin baýraga mynas­yp boldy. Kartina je­mi ýedi sany “Oskar” heýkelini aldy.

Beýleki nominasiýalar

Iň gowy dokumental gysga metražly film Kartiki Gonsalwes bil­en Gutit Monginiň “P­illeri jadylaýjylar” işi boldy. Bu nomin­asiýada “Oskara” rus­siýaly Maksim we Ýew­geniý Arbugaýewleriň “Çykalga” lentasy hem dalaş etdi.

Iň gowy aýdym üçin “Oskary” “RRR: Golaýda rewolýusiýanyň gohy turýar” hindi film­inden “Naatu Naatu” aldy. Bu nominasiýada beýlekiler bilen bir hatarda Riannanyň we Ledi Gaganyň hem işleri bardy.

Jeýms Kemeronyň “Awa­tar: Suwuň ýoly” we Jozef Kosinskiniň “T­op Gan: Mewerik” fil­mleri hem, degişlili­kde, iň gowy wizual effektler we iň gowy ses üçin “Oskar” al­dylar. Şeýle-de, kin­oakademiýanyň baýragy bilen “Gara Babyr: Wakanda baky” hem sylaglandy, ol “Iň go­wy egin-eşik dizaýny” nominasiýasynda “O­skar” aldy.


02.05.2026 18:25
3.7k+

"Oskaryň" gowşurylyş düzgünleri üýtgedi: indi aktýorlara bir kategoriýada iki gezek dalaşgär bolmaga rugsat berilýär

Amerikan kino akademiýasy "Oskar" baýragynyň gowşurylyşynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizdi. Täze düzgünler 2027-nji ýylda geçiriljek baýragyň 99-njy gowşurylyş dabarasyndan başlap güýje girer....

08.04.2026 21:26
2k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

28.03.2026 15:27
3.2k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.6k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...