“Günbatar frontda üýtgeşme ýok” kinolentasy iň gowy daşary ýurt filmi hökmünde “Oskar” aldy

  • 13.03.2023 18:43
  • 6.6k+

Germaniýaly režissýor Edward Bergeriň “Günbatar frontda üýtgeşme ýok” kartinasy “Iň gowy daşary ýurt filmi” nominasiýasynda “Oskar” baýragyna mynasyp boldy.

Germaniýanyň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň bilelikde döreden filmi Erih Mariýa Remarkyň (1898-1970) 19 ýaşly Paul Boýmeriň adyndan Birinji jahan urşunyň elhençliklerini beýan edýän adybir anti-söweş romanyna esaslanýar. Film iň gowy operatorlyk işi üçin hem “Oskar” baýragyny aldy. Öň, bu lenta Britaniýanyň kino we telewizion sungat akademiýasynyň ýedi baýraga, şol sanda “Iň gowy film” nominasiýasynda-da baýraga eýe bolup, triumfatory boldy.
“Oskar” baýragy üçin göreşde onuň bilen Santýago Mitreniň “Argentina, 1985”, belgiýaly režissýor Lukas Dontuň “Ýakyn”, polşaly režissýor Ýež Skolimowskiniň “Ia” we irlandiýaly Kolm Baýridiň “Ýuwaş” filmi bäsleşdi.


08.04.2026 21:26
1.9k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

28.03.2026 15:27
3.2k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.5k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...

16.03.2026 23:36
7k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler...