Apple nusgawy aýdym-sazlaryň muşdaklary üçin täze aýdym-saz goşundysyny hödürledi

  • 13.03.2023 12:47
  • 8.6k+

Apple kompaniýasy täze Apple Music Classical goşundysyny çykardy. Ol nusgawy sazlary diňlemek üçin aýratyn pleýerdir. The Verge neşiriniň habar bermegine görä, goşundy eýýäm AppStore-da peýda boldy, ýöne resmi taýdan ilkinji görkezilişi entek 28-nji martda geçer. Işläp taýýarlaýjylar ýakyn wagtda Android gurluşlary üçin uýgunlaşdyrylan goşundynyň wersiýasynyň peýda boljakdygyny wada berdiler.

"Apple Music Classical dünýädäki iň uly nusgawy saz katalogynda doly amatly gözleg bilen islendik ýazgyny tapmagy çaltlaşdyrýar we aňsatlaşdyrýar hem-de diňleýjiler ýokary ses hilinden lezzet alyp, giňden ýaňlanýan ses bilen halaýan nusgawy aýdym-sazlaryny täzeçe diňläp bilerler" - diýip, kompaniýanyň metbugat habarnamasynda aýdylýar.

Katalogda jemi 5 milliondan gowrak aýdym-saz bar. Şeýle hem, müňlerçe "giňişlik" ses ýazgysyny öz içine alýar. Sazy kompozitor, eser, dirižýor ýa-da katalog belgisi bilen gözläp bilersiňiz. Goşunda adaty Apple Music-e abuna ýazylyp girip bolýar.
Goşundy iOS 15.4 we has soňraky gurluşlary goldaýar. Kompaniýa Apple Music Classical-yň "tutuş dünýäde, Apple Music-iň hödürlenýän ýerinde” elýeterlidigini aýtdy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...