Xiaomi we Samsung howpsuz batareýalary döretmegiň üstünde işleýär

  • 13.03.2023 12:45
  • 9.6k+

Samsung we Xiaomi smartfonlar üçin gaty görnüşli batareýalary döretmegiň üstünde işleýärler. SamMobile portalynyň habaryna görä, olar litiý-ionlara garanda howpsuz, üstesine-de, şuňa meňzeş fiziki ölçegler üçin uly sygyma eýedir. Hytaý kompaniýasy innowasion batareýasy bolan smartfonlary çykarmagy çaltlaşdyrmaga synanyşýar diýip, portal belleýär.

Hünärmenler şeýle batareýalaryň, hatda pes temperaturada-da energiýa saklamaga ukyplydygyny, ýagny zarýadyny gidirmejekdigini aýdýarlar. Mundan başga-da, gaty batareýalar ýanmaýar ýa-da partlamaýar. 6000 mAs sygymly gaty görnüşli batareýalaryň ykjamlygy 4500 mAs-lyk batareýa korpusyna ýerleşmäge mümkinçilik berer.
Samsung ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna çenli gaty görnüşli batareýalaryň önümçilik hatarynda işleri tamamlamagy meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde, portalyň belleýşi ýaly, kompaniýanyň ägirt uly meýilnamalary bar hem-de bu tehnologiýany smartfonlara we planşetlere ornaşdyrmak bilen çäklenmek islemeýär. Samsung gaty görnüşli akkumulýatorlary, şol sanda elektromobiller üçin hem, öndürmegi göz öňünde tutýar.
Gaty görnüşli batareýalar bilen işleýän ilkinji smartfonlar 2030-njy ýyla çenli çykar diýip garaşylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...