Fitch 2023-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi baradaky çaklamasyny ýokarlandyrdy

  • 12.03.2023 10:53
  • 4.6k+

Fitch agentligi 2023-nji ýylda ählumumy ykdysady ösüşi 2,0% diýip çaklaýar.

Dekabr aýynda Fitch dünýä ykdysadyýetiniň ösüşini 1,4 göterim diýip çaklapdy.
2023-nji ýylda ählumumy ösüşiň geljegi dekabr aýyndan bäri ep-esli gowulaşdy diýip, Fitch Ratings soňky «Ählumumy ykdysadyýetiň geljegi» atly hasabatynda belleýär. Şeýle-de bolsa, hümmetiň ýokarlanmagynyň hakyky ykdysadyýete etjek täsiriniň entek öňdeligi, munuň üstümizdäki ýylyň ahyrynda ABŞ-nyň ykdysadyýetinde çökgünlige sebäp bolup biljekdigi nygtalýar.
Hytaýyň 2023-nji ýyldaky ösüş çaklamasy dekabr aýynda 4.1% bolanlygyndan 5.2%-e, ýewro zonasynyň ösüşi 0,2% bolanlygyndan 0,8%-e, ABŞ-nyň ösüşi 0,2%  bolanlygyndan 1,0% -e çenli ýokarlandy.


şu gün 14:40
1.5k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.5k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......