«Oskar» baýragynyň gowşurylyşynda 62 ýyldan bäri ilkinji gezek gyzyl düşek ýazylmaz

  • 12.03.2023 10:46
  • 19k+

Amerikanyň kino akademiýasynyň «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda 1961-nji ýyldan bäri ilkinji gezek gyzyl haly düşek ýazylmaz. Bu barada AP News habar berýär.

"Oskar" baýragynyň 95-nji gowşurylyş dabarasy üçin şampanreňk haly saýlandy. Soňky 62 ýyllap haly gyzyl reňkli bolupdy. Bu täzeligi paýyna öňdäki  dabarany alyp barmak hormaty düşen komediýaçy Jimmi Kimmel: «Meniň pikirimçe, bu gan dökülmejekdigine nä derejede ynamlydygymyzy görkezýär» - diýip düşündirdi.
Şampanreňk haly ýazmak karary Met Gala geýim institutynyň dabaranyň bezegine jogapkär döredijilik geňeşçileri Liza Law bilen Raul Awil tarapyndan kabul edildi.
Bu çäre 2023-nji ýylyň 13-nji martyna geçilýän gije Los Anjelesdäki Dolbi teatrynda geçer. Onda A$AP Rokkiden boljak ikinji çagasyna göwreli Rianna çykyş eder. Barbadоsly aýdymçy “Gara babyr: Baky Wakanda” filmi üçin döredilen,  “Iň gowy film aýdymy” kategoriýasynda "Oskar"-a dalaşgär görkezilen  “Lift Me Up” saundtregini ýerine ýetirer.


02.05.2026 18:25
3.6k+

"Oskaryň" gowşurylyş düzgünleri üýtgedi: indi aktýorlara bir kategoriýada iki gezek dalaşgär bolmaga rugsat berilýär

Amerikan kino akademiýasy "Oskar" baýragynyň gowşurylyşynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizdi. Täze düzgünler 2027-nji ýylda geçiriljek baýragyň 99-njy gowşurylyş dabarasyndan başlap güýje girer....

08.04.2026 21:26
1.9k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

28.03.2026 15:27
3.2k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.5k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...