Samsung 6000 mA/s sygymly akkumulýatorly Galaxy M14-ni hödürledi

  • 10.03.2023 21:31
  • 18k+

Samsung kompaniýasy artykmaç şowhun etmezden, Galaxy M14 5G smartfonyny bazara çykardy, geň ýeri ol Galaxy A14 5G-niň doly göçürmesine öwrülmedi. Mundan başga-da, täze smartfon hatda azyndan bir görkezijide ondan has ýokary hem boldy.

Galaxy M14 5G eýýäm kompaniýanyň ukrain web sahypasynda hasaba alyndy.
Gurluşyň esasy aýratynlygy — kuwwatly akkumulýatorydyr. Onuň kuwwaty beýleki parametrlerde diýen ýaly birmeňzeş bolan Galaxy A14 5G-e niýetlenen 5000 mA/s-iň deregine 6000 mA/s. Mundan başga-da, häzirki wagtda Samsung bir wagtlar has kuwwatly batareýalary ulananam bolsa, häzir şeýle kuwwatly batareýalary gaty seýrek ulanýar.
Täze gurluşyň ýüregi AntuTu 9-da takmynan 420 000 bal gazanýan SoC Exynos 1330, ýagny öndürijilik babatda munda hemme zat ýerbe-ýer. Şeýle hem 4 Gb RAM, 64 ýa-da 128 Gb fleş ýady, Full HD + durulykda 6,6 dýuým 90Hz IPS ekrany we 50 megapiksel esasy kamera bar. Täze önümiň ölçegleri 166,8 x 77,2 x 9,4 mm, agramy 206 gr.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...