2022-nji ýylda iň köp satylan smartfonlaryň haýsylardygy aýdyldy

  • 10.03.2023 21:28
  • 23k+

iPhone 13 2022-nji ýylda iň köp satylan smartfon diýlip yglan edildi. Bu barada Counterpoint-iň seljerijileriniň geçiren barlagyna salgylanýan GSM Arena habar berýär.

Lider geçen ýyl smartfon söwdasynyň takmynan 5%-ini emele getirdi. Ikinji orunda iPhone 13 Pro Max (2,6%), üçünji ýerde iPhone 14 Pro Max (1,7%) durýar.
Mundan başga-da, ilkinji onluga Samsung Galaxy A13, iPhone 13 Pro, iPhone 12, iPhone 14, iPhone 14 Pro, iPhone SE 2022 we Samsung Galaxy A03 girýär. Şeýlelikde, Apple birbada ilkinji onlukda sekiz orny eýelemegi başardy.
iPhone 13 ilkinji gezek 2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda tanyşdyryldy. 2532×1170 piksel durulykda 6.1 dýuýmlyk Super Retina XDR OLED ekrany aldy. Smartfonyň içinde Apple A15 Bionic prosessor, şeýle hem 4 GB RAM oturdylan.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....