2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan gulaklyk mälim edildi

  • 10.03.2023 20:59
  • 11k+

Canalys analitik kompaniýasynyň habaryna görä, AirPods geçen ýyl dünýäde iň köp satylan simsiz gulaklyk boldy.

AirPods-yň 2022-nji ýylda satuwy 1% kemeldi we 91,4 million birlik boldy. Apple simsiz gulaklyk bazarynyň 31,7 göterimini eýeledi, bu rekorddyr. Şeýle hem, Canalys-yň Beats-iň üpjünçiligini hem Apple degişli edýändigini bellemelidiris.
Samsung ikinji, Xiaomi üçünji ýerde durýar.
Geçen ýylyň dördünji çärýeginde Apple AirPods-yň 3-nji nesliniň üpjünçiligini azaltdy, sebäbi adamlar esasan bahasy 100 dollardan aşakda bolan gulaklyklary satyn alyp başladylar.
Şol bir wagtyň özünde, AirPods Pro-nyň 2-nji nesliniň ýylyň dowamynda artdy. 200-299 dollar aralygyndaky gulaklyklar iň meşhur gulaklyklar boldy.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.7k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....