Apple sary reňkde iPhone 14 we iPhone 14 Plus smartfonlaryny bildiriş etdi

  • 09.03.2023 11:46
  • 17k+

Apple korporasiýasy sişenbe güni sary reňkde iPhone 14 we iPhone 14 Plus smartfonlaryny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen metbugat relizinde aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Şu gün Apple täze sary reňkli iPhone 14 we iPhone 14 Plus-y anons etmek bilen, bu ýazda hatara ýene-de reňk goşdy” – diýlip, habarda aýdylýar.

Kompaniýa täze reňkli modelleriň deslapky sargytlar üçin 10-njy martdan elýeterli boljakdygyny, satuwda bolsa 14-nji martda peýda boljakdygyny aýdyňlaşdyrýar.
Geçen ýylyň 7-nji sentýabrynda Apple täze gurluş hataryndan dört sany täze smartfon hödürledi, korporasiýanyň täze önümleriniň hataryna iPhone 14 we iPhone 14 Pro, şeýle-de iPhone 14 Plus we iPhone 14 Pro Max girdi. Adaty iPhone 14 bäş reňkde elýeterlidi: “ýarygije”, “ýyldyzlaryň ýagtysy”, gök, benewşe we gyzyl. Pro wersiýalar dört reňkde elýeterli: “kosmiki gara”, kümüş, altyn we gara-benewşe.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...