Apple Hindistanda suw üpjünçiligini gowulandyrmaga kömek edýär

  • 07.03.2023 12:28
  • 29k+

Apple Hindistanda suwuň, sanitar ýagdaýyň we arassaçylygyň gowulaşmagyna goldaw bermek üçin täze tagallalary edýändigini mälim etdi.

Kompaniýa hindi suw gorlaryny dolandyryş ulgamlaryny güýçlendirýän innowasiýa we giňeldilen çemeleşmäniň ösdürilmegini goldamak üçin daşky gurşawy goraýjy jemgyýetçilik guramasy bolan Frank Water bilen hyzmatdaşlyk etdi.

Howanyň üýtgemegine we global suw çökgünligine iň täsirli çözgütler — bu kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan jemgyýetlerden gelýär. Hindistanda we bütin dünýäde jemgyýetiň innowasiýa çemeleşmelerini goldamak bilen, Apple adamlara durmuşlaryny gowulandyrmakda kömek etmäge öz goşandyny goşýar we  klimat babatda global maksatlarymyza ýetmegimizde ösüş gazanýar.

Frank Water kompaniýasy eýýäm Bangalor şäheriniň eteginde synag taslamasyna başlady. Taslamanyň çäginde öý hojalyklaryndan pikir soraşmalary geçirýär we sebitdäki suwuň ulanylyşyny karta salmak üçin dürli maglumat çeşmelerini seljerýär. Kompaniýa gidrologiki modelirlemäni ulanýar we jemgyýet üçin kabul edilen kararlary goldamagyň häzirki zaman prosesini işläp taýýarlaýar. Netijede, suw gorlary bilen baglanyşykly karar kabul etmek işini gowulandyrmak üçin kompaniýa öňdebaryjy pudak hünärmenlerini, bu ugurdaky ýerli guramalary, dürli kärhanalary birleşdirýär.
Mundan başga-da, Apple Hindistanyň kenarýakasyndaky mangr jeňňelliklerini gorap saklamak üçin Amaly daşky gurşaw gözleg gaznasy bilen işleşmegini dowam etdirýändigini we oba aýal-gyzlaryna öz jemgyýetlerinde Gün energiýasynyň inženerleri bolmagy öwredýän Barefoot College bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.


düýn 22:08
1.2k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....