«Liwerpul» «Mançester Ýunaýtedi» 7:0 hasapda ýeňdi

  • 06.03.2023 11:18
  • 17k+

Futbol boýunça Angliýanyň çempionatynyň 25-nji tapgyr duşuşygynda «Liwerpul» öz meýdançasynda «Mançester Ýunaýtedi» 7:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ýekşenbe güni «Enfild» stadionynda geçirildi.

Gollary Kodi Gakpo (43-nji, 50-nji minutlar), Darwin Nunýes (47, 75), Mohammed Salah (66, 83), Roberto Firmino (88) geçirdi. Salah «Liwerpulyň» düzüminde Angliýanyň çempionatlarynda 129-njy goluny geçirdi we bu görkeziji babatda altynjy orna çykdy.
«Liwerpul» bu ýeňşi mynasybetli Angliýanyň Premýer-ligasynda bäşinji orna galdy. Ýurgen Kloppyň şägirtleri 42 utuk topladylar. «Mançester Ýunaýted» 49 utuk bilen üçünji ýerde barýar.
Indiki tapgyrda «Mançester Ýunaýted» 12-nji martda «Sautgemptony» kabul eder, «Liwerpul» bolsa 11-nji martda myhmançylykda «Bornmut» bilen duşuşar.


şu gün 13:03
2.1k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
2.1k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
2.3k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
9.7k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....