Rafael Nadal 2005-nji ýyldan bäri birinji gezek ilkinji onlukdan çykar

  • 03.03.2023 23:59
  • 5.7k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal 2005-nji ýyldan bäri birinji gezek dünýäniň iň gowy on tennisçisiniň hataryndan çykar.

3-nji martda ABŞ-ly tennisçi Teýlor Frits Akapulkoda (Meksika) geçiriljek ATP-500 kategoriýasynyň ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy. Şeýlelikde, Indian Wellsdäki ýaryşdan soň Nadalyň ilkinji onlugyň sanawyndan çykjagy belli.
Nadal soňky gezek 2005-nji ýylyň 25-nji aprelindäki dünýäniň iň gowy on tennisçisiniň hataryna girmedi. Ol yzly-yzyna 912 hepdeläp dünýäniň iň gowy 10 tennisçisiniň hataryna girip geldi.
Australian Open-iň ikinji tapgyrynda amerikaly tennisçi Makkenzi Makdonald bilen geçirilen oýunda Rafael Nadalyň şikes alandygyny ýatladýarys. Tennis oýunçysynyň MRT barlagy onuň çep aýagynyň ýanbaş-bil etiniň gypjynandygyny görkezdi. Ispaniýaly türgen ondan öň Dohadaky we Dubaýdaky ýaryşlardan, şeýle hem 5-nji martda Las Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) watandaşy Karlos Alkaras bilen geçmeli sergi oýnundan aýrylypdy.

 


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......