FIFA Fransiýanyň iň uly stadionyny satyn almak isleýär

  • 03.03.2023 23:58
  • 12k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) Parižiň eteginde ýerleşýän "Stade de France" stadionyny satyn almak üçin geçiriljek bäsleşige gatnaşar.

L'Equipe-e salgylanýan Report bäsleşigiň Fransiýanyň paýtagtynda boljak 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryndan soň geçiriljekdigini habar berýär. FIFA-nyň başlygy Janni Infantino Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen stadiony satyn almak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Fransuz Futbol Federasiýasynyň öňki prezidenti Noel Le Gre FIFA-a “Stade de France”-i satyn almakda kömek eder.
“Stade de France” 1998-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek üçin açyldy we 600 million ýewro bahasy bar. Stadion 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin ulanylar. 2022-nji ýyldaky Çempionlar ligasynyň finalynyň “Stade de France” -de geçirilendigini ýatladýarys.


08.06.2026 07:37
2.8k+

FIFA sosial ulgamlardaky kemsitmelere garşy göreşmek üçin emeli aňy işjeňleşdirer

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futbol boýunça dünýä çempionaty döwründe sosial ulgamlardaky kemsidiji teswirlere garşy göreşmek üçin emeli aňy ulanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Guardian» gazeti habar......

04.06.2026 11:43
5.6k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....

02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......