Russiýanyň küşt federasiýasy Ýewropadan Aziýa geçdi

  • 01.03.2023 18:17
  • 7.3k+

Russiýanyň küşt federasiýasy (FŞR) sişenbe güni Ýewropa küşt bileleşiginden (ECU) Aziýa küşt federasiýasyna (ACF) geçmek bilen taryhy ädim ätdi. Geçiş meselesi Abu-Dabide geçirilen ACF-iň Baş Assambleýasynda sese goýuldy.

Delegatlaryň aglaba köplügi FŞR-i ACF-e goşmagyň tarapdary hökmünde çykyş etdi. Geçiş üçin 29 delegat ses berdi, 1-si garşy çykdy, 6-sy saklandy.
FŞR-iň ACF-e geçmegi baradaky karar 2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde Russiýanyň guramasynyň synçylar geňeşi tarapyndan kabul edildi. 22-nji fewralda Halkara küşt federasiýasynyň geňeşi (FIDE) FŞR-iň ACF-e geçmek baradaky kararyny tassyklady.
Kanuny taýdan geçiş 1-nji maýda tamamlanar.


25.07.2025 17:05
18k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar...

25.07.2025 16:54
5.5k+

FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy...

23.03.2025 12:11
8.1k+

Russiýaly aýal Baýkal kölünde buzuň astynda 122 metr ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy

«Baýkalyň buzunyň astynda 2025» atly fridaýwing festiwalynda russiýaly Ýekaterina Nekrasowa uly üstünlik gazandy. Ol gidrokostýum geýmezden, Baýkal kölünde, buzuň astynda 122 metr aralyga ýüzdi. Bu netije bilen...

29.01.2025 11:54
14k+

Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi “Rostowyň” oýunçysy boldy

Russiýanyň “Rostow” futbol kluby Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi Denis Titow bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy eýýäm BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda esasy topara...