Aziýanyň Ösüş Banky Türkmenistan bilen täze hyzmatdaşlyk strategiýasyny taýýarlaýar

  • 01.03.2023 11:38
  • 8.5k+

Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň täze ýurt strategiýasyny taýýarlaýar. Bu barada AÖB-niň Türkmenistan boýunça ýurt müdiri Artur Andrysýak Trend agentligine habar berdi.

“Häzirki wagtda Türkmenistanda maliýe pudagynda kiçi we orta eksportçy kärhanalaryň potensialyny artdyrmaga, şeýle-de saglygy goraýyş pudagynda potensialy ýokarlandyrmaga ýardam etjek iki taslamanyň taýýarlygy ösüş tapgyrynda. Şol bir wagtyň özünde AÖB Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistana beýleki ýurtlar bilen söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmäge kömek etmek üçin energetika we transport pudagynda, şol sanda demirýol pudagynda täze taslamalaryň üstünde işleýär” – diýip, Andrysýak belledi.

Ol AÖB tarapyndan goldanýan CAREC-2030 strategiýasynyň Türkmenistan üçin ykdysady we maliýe durnuklylygy, howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw, saglygy goraýyş we bilim, syýahatçylyk, sanly aragatnaşyk ýaly sebitleýin başlangyçlara gatnaşmagy üçin goşmaça ugurlary açýandygyny aýtdy. Andrysýak häzirki wagtda bankyň Türkmenistan üçin 2024 – 2028-nji ýyllar aralygynda özara gatnaşyk üçin strategiki esaslary üpjün etjek hyzmatdaşlygyň indiki ýurt strategiýasyny taýýarlaýandygyny belledi.
Ol strategiýanyň bazarlara goşulmaga, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, hususy pudaklary ösdürmäge we maýa goýumlara, adamzat kapitalyny artdyrmaga, howanyň üýtgemegine garşy göreş hereketlerine goldaw bermäge, şol sanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we onuň netijelerini gowşatmaga, gender meselelerini göz öňünde tutmaga we umumy özgertmelere aýratyn üns bermek bilen milli ykdysady ösüşe goldaw berjekdigini sözüniň üstüne goşdy.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......