Futbolçy-amputant Oleksiý FIFA-nyň Puşkaş adyndaky baýragyny aldy

  • 28.02.2023 12:34
  • 15k+

Polşaly futbolçy-amputant Marsin Oleksiý FIFA tarapyndan 2022-nji ýylyň iň owadan golunyň awtory hökmünde Ferens Puşkaş adyndaky baýragy aldy.

Poznandan “Warta” kluby üçin çykyş edýän Oleksiý goluny amputasiýaly adamlar üçin milli çempionatyň Žeşuwdan “Stal” toparyna garşy oýnunda özünden üstaşyr geçirdi.
Nominasiýada finalçylaryň üçlüginde Braziliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Rişarlison we onuň Katardaky dünýä çempionatynda Serbiýanyň toparyna garşy “gaýçy” goly, şeýle-de Konferensiýalar ligasynyň Gresiýanyň PAOK-yna garşy dörtden bir final oýnunda 20 metrden gol salan “Marselden” Dimitri Paýet bardy.
Futbol jemgyýetinde adalatly oýnuň we rehimdarlygyň ruhuna ýardam edýän göreldeli özüňi alyp baryş üçin Fair Play baýragyny gruziýaly goragçy Luka Loçoşwili aldy, ol Awstriýanyň “Wolfsberg” toparynda oýnamak bilen meýdançada huşuny ýitiren “Austriýanyň” goragçysy Georg Taýgla kömek etdi.
Iň gowy janköýerler üçin FIFA Fan Award baýragyna Argentinanyň milli ýygyndysynyň janköýerleri mynasyp boldy.


şu gün 10:53
1.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......