Samsung 2024-nji ýylda birbada alty sany eplenýän gurluşy satuwa çykarmagy meýilleşdirýär

  • 28.02.2023 11:51
  • 14k+

2024-nji ýylda Samsung flagman smartfonlaryny has köp çykarmagy, şol sanda çeýe gurluşlaryň model hataryny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada RGcloudS insaýderi habar berýär.

Çeşmäniň berýän habaryna görä, indiki ýyl Günorta Koreýanyň ägirdi birbada alty sany eplenýän gurluşy hödürlär. Olaryň arasynda täzelenen Galaxy Z Flip we Z Fold, şeýle hem täze Galaxy Z Flex, Z Flip Ultra, Z Fold Ultra we hatda Z Tab planşetleri hem bolar.
Insaýder Z Fold Ultra modelleriniň Samsung tarapyndan öndürilen 4K durulykdaky displeýlerini hödürlejekdigini, adaty wersiýalarynda bolsa BOE tarapyndan öndürilen QHD ekranlarynyň boljakdygyny öňe sürýär. Z Flip smartfonlary BOE -den Samsung 2K ekranlaryny ýa-da Full HD panellerini aljakmyş.
Düýbünden täze Galaxy Z Flex iki ýerden  akkordeon ýaly  eplenip bilýän  smartfondyr. Galaxy Z Tab diýlip atlandyrylýan gurluş eplenýän planşet bolar. Entek jikme-jik maglumat ýok.
Mundan başga-da, çeşme Samsung -yň geljek ýyl Galaxy K atly ortatap smartfonlaryny hem çykarjakdygyny we Galaxy S24 + flagman modelinden ýüz öwürjekdigini öňe sürýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...