Rianna «Oskaryň» gowşurylyşynda çykyş eder

  • 26.02.2023 11:46
  • 7.3k+

Aýdymçy Rianna «Oskar» baýragynyň gowşurylyşynyň 95 ýyllyk dabarasyna gatnaşýandygyny tassyklan ilkinji meşhur artist boldy. Aýdymçy «Gara babyr» sikwelinden dalaşgärlige hödürlenen «Lift Me Up» aýdymyny ýerine ýetirer.

Dabara 12-nji martdan 13-nji marta geçilýän gijesi bolar. Ony komediýaçy Jimm Kimmel alyp barar. Beýleki dalaşgär-aýdymlaryň arasynda "Hold My Hand" ("Top  Gan: Mewerik"), "Naatu Naatu" ("RRR: Rewolýusiýa ýakynlaşýar") we "This is a Life" ("Hemme ýerde hemme zat we birbada") ýaly aýdymlar hödürlendi . Dabara gatnaşýan beýleki ýerine ýetirijileriň atlary soň yglan ediler.
Fewral aýynda Rianna ABŞ-nyň Super kubogynda çykyş etdi - onuň şüweleňi taryhda iň köp görlen ikinji tomaşa boldy (Keti Perriden soň).


02.05.2026 18:25
3.7k+

"Oskaryň" gowşurylyş düzgünleri üýtgedi: indi aktýorlara bir kategoriýada iki gezek dalaşgär bolmaga rugsat berilýär

Amerikan kino akademiýasy "Oskar" baýragynyň gowşurylyşynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizdi. Täze düzgünler 2027-nji ýylda geçiriljek baýragyň 99-njy gowşurylyş dabarasyndan başlap güýje girer....

08.04.2026 21:26
2k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

28.03.2026 15:27
3.2k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.6k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...