Internetde Samsung Galaxy Z Flip 5-iň ilkinji ýokary hilli suratlary peýda boldy

  • 23.02.2023 18:25
  • 14k+

Ice Universe lakamy bilen tassyklanan ulgam habarçysy Samsung Galaxy Z Flip5 smartfony barada täze maglumatlary neşir etdi.

«Samsung Galaxy Z Flip5-iň hut şeýle dizaýny bolsa gerek. Meseläni öwrenmegi dowam etdirýärin» diýip, Ice Universe ýazýar

Eger maglumat tassyklansa, Samsung Galaxy Z Flip5-iň daşky ekrany, renderde görkezilişi ýaly, iki sany kamerany alyp biler.
Ondan öň, ol Samsung Galaxy Z Flip 5-iň daşky ekranynyň Oppo Find N2 Flip smartfonynyň ikinji ekranyndan has uludygyny mälim edipdi.
Samsung Galaxy Z Flip 5-iň tanyşdyrylyş dabarasy üstümizdäki ýylyň awgust aýynda her ýyl geçirilýän Galaxy Unpacked çäresinde bolar diýip garaşylýar.
Ice Universe ilkinji bolup şarlawuk-ekranly smartfonlar üçin täzelikleriň iPhone X-daky alynlyk, Dynamic Island kesikli iPhone 14-iň täze dizaýny we dürli 200 megapiksellik şekil datçikleri boljakdygy barada takyk gürrüň berdi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...