Xiaomi 13-iň täze suratlary çap edildi. Smartfon 26-njy fewralda tanyşdyrylar

  • 23.02.2023 18:19
  • 22k+

Xiaomi-ni esaslandyryjy we onuň baş direktory Leý Szýuan Twitter-däki sahypasynda Xiaomi 13-i we onuň ägirt uly şekil datçigini görkezýän täze suratlary ýerleşdirdi.

Suratda çak bilen Xiaomi 13 modeli görkezilen, sebäbi Xiaomi 13 Pro-nyň korpusynyň has inçe metal çarçuwaly gapdallary başga görnüşe eýe.
Ol Xiaomi 13-de oturdylan datçigiň galmagalyň has peselmegini, aşa giň dinamiki diapazony üpjün edýändigini we ummasyz ýagtylygy alýandygyny mälim etdi. Mundan başga-da, ol hil ýitgisiz 2x Zoom-y hödürleýär.
Mundan başga-da, çalt fokusirleýşi we ýokary hilli şekilleri üpjün edýän 1 dýuýmlyk şekil datçigi bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 13 Pro üçin täze mahabat wideosy çap edildi.
Smartfonyň global wersiýasy 26-njy fewralda Barselonada tanyşdyrylar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...