Turkish Airlines Stambuldan Aşgabada uçuşy her gün ýerine ýetirer

  • 22.02.2023 17:56
  • 36k+

2023-nji ýylyň 24-nji martyndan başlap, Turkish Airlines Aşgabada uçuşlarynyň sanyny artdyrýar. Stambuldan Aşgabada gatnawlar her gün ýerine ýetiriler.

Häzirki wagtda türk howa gatnadyjysy Aşgabada hepdede iki gezek — çarşenbe we şenbe günleri uçuşy amala aşyrýar. 24-nji martdan başlap uçuşlar günde ýerine ýetirilip başlanar. Stambuldan 20:30-da uçup, Aşgabada 02:20-de gonar. Yzyna uçar 03:45-de uçup, Türkiýä 05:55-de gonar.
Täze tertip boýunça awiabiletler eýýäm satlyga çykaryldy. Biletleri awiakompaniýanyň www.turkishairlines.com saýtyndan ýa-da iOs we Android üçin priloženiýalardan, şeýle hem satuw ofislerinden alyp bilersiňiz.
Stambul (IST) — Aşgabat (ASB) awiabiletiniň bir tarapynyň bahasy 7,393 türk lirasy, Aşgabat — Stambul ugry boýunça awiabilet 367 dollar.
Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasy şeýle hem 23-nji martdan başlap Stambul (IST) — Türkmenbaşy (KRW) — Stambul ugry boýunça uçuş maksatnamasyny bes edýändigini habar berdi.


düýn 18:22
8.5k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
4k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....