Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

  • 22.02.2023 00:35
  • 9.4k+

Natalýa German BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýar. Şu mynasybetli Natalýa Germany Prezident Serdar Berdimuhamedow kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça işiniň üstünlikli dowam etdirilendigi, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi hem-de sebitde anyk maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilendigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy we netijeli işi üçin N.Germana minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, ony BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de bu jogapkärli wezipede oňa täze üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutany hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili hyzmatdaşlygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, ýola goýlan köp ugurly dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň tejribesini hem-de mümkinçiliklerini çekmek arkaly sebitde parahatçylygy we rowaçlygy üpjün etmek boýunça anyk işler babatda   pikir alyşdylar.
Natalýa German ýolbaşçylyk edýän diplomatik wekilhanasynyň üstünlikli işlemegine goldaw berlendigi hem-de hyzmatdaşlygyň täze binýatlarynyň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk we üstünlikleri arzuw etdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......