Ostin Batler we Keýt Blanşett aktýorlyk işi üçin BAFTA baýragyna mynasyp boldy

  • 21.02.2023 08:52
  • 5.1k+

Amerikaly aktýor Ostin Batler “Iň gowy erkek keşbi” nominasiýasynda Britaniýanyň Kino we telewizion sungaty akademiýasynyň (BAFTA) baýragyna mynasyp boldy. 31 ýaşly aktýora bu baýragy Baz Lurmanyň “Elwis” filminde rok-n-rollyň şasy Elwis Presliniň keşbi getirdi. Bu barada TASS habar berýär.

Bu Batleriň karýerasyndaky ilkinji “bürünç maskadyr”. Öň ol bu keşbi üçin “Altyn globus” baýragyna eýe boldy we “Oskar” baýragy üçin dalaşgärleriň hataryna goşuldy.
“Iň gowy zenan keşbi” üçin baýraga Keýt Blanşett mynasyp boldy. 53 ýaşly awstraliýaly aktrisa ony Todd Fildiň “Tar” dramasynda dirižýor we kompozitor Lidiýa Taryň keşbi üçin aldy. Bu Blanşettiň karýerasyndaky dördünji “bürünç maskadyr”.
Öň, ol bu kino baýragyna 2014-nji ýylda (“Žasmin” filmindäki keşbi üçin), 2005-nji ýylda (“Awiator”) we 1999-njy ýylda (“Ýelizaweta”) mynasyp bolupdy. “Tar” filmindäki keşbi Blanşette ýanwar aýynda “Altyn globus” baýragyny we “Oskar” üçin nominasiýany getirdi.
Ikinji plandaky hem erkek, hem zenan keşpleri üçin baýraklary “Inişeriniň banşisi” filmindäki aktýorlar – Barri Keogan bilen Kerri Kondon aldy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....