«Awatar 2» «Titanikden» öňe geçip, taryhda iň girdejili üçünji film boldy

  • 20.02.2023 22:12
  • 11k+

«Awatar: Suwuň ýoly» taryhda iň köp girdeji gazanan filmleriň sanawynda «Titanikden» öňe geçip, üçünji ýeri eýeledi. Iki filme-de Jeýms Kemeron režissýorlyk etdi.

Birinji we ikinji ýerde  «Awatar» birini filmi we «Ar alyjylar. Final» durýar. Iki aý prokata alnandan soň, «Suwuň ýoly» 2,243 milliard dollar gazandy. Munuň 657 million dollary ABŞ-dan, 1,586 milliard dollary bolsa halkara sebitlerinden geldi.
«Titanik» geçen hepde Demirgazyk Amerikada we beýleki ýerlerde gaýtadan prokata çykarylyp başlandy. Gaýtadan çykarylmagy melodramanyň jemi gazanan pulunyň 2,242 milliard dollara ýetmegine sebäp boldy.
«Garynja-adam we Ary: Kwantomaniýa» kinokomiksi prokata 225 million dollar (ABŞ + dünýäniň beýleki ýerleri) bilen başlady. Demirgazyk Amerikadaky dynç günlerini hem goşmak bilen, netije 239 million dollar boldy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....