“Günbatar frontda üýtgeşme ýok” dramasy iň gowy film hökmünde BAFTA baýragyna mynasyp boldy

  • 20.02.2023 22:04
  • 10k+

Germaniýaly režissýor Edward Bergeriň “Günbatar frontda üýtgeşme ýok” dramasy Britaniýanyň Kino we telewizion sungaty akademiýasynyň (BAFTA) baýragyna mynasyp boldy. Kino pudagynda bu abraýly baýragyň 76-njy gowşurylyş dabarasy Londonyň “Sautbenk merkezi” toplumyndaky Patyşalyk festiwal-zalynda geçirilipdi diýip, TASS habar berýär.

Nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy bolan bu film dalaş eden 14 baýragynyň 7-sini aldy. Ýagny, ol “Iň gowy film”, “Iň gowy režissýorlyk işi”, “Iň gowy adaptirlenen ssenariýa”, “Iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film”, “Iň gowy operatorlyk işi”, “Iň gowy film aýdym-sazy” we “Iň gowy ses” nominasiýalarynda akademiýa tarapyndan sylaglandy.
Iki sagatlyk film Erih Mariýa Remarkyň adybir romanyna (1898 – 1970) esaslanyp, onda 19 ýaşly Paul Boýmer tarapyndan Birinji jahan urşunyň elhençlikleri beýan edilýär.
Filmiň režissýorynyň aýtmagyna görä, Remarkyň ýüzlenmesi XXI asyrda-da öz aktuallygyny ýitirmedi.
“Bürünç maskalaryň” sany boýunça ikinji orny Martin MakDonanyň “Inişeriniň Banşisi” we Baz Lurmanyň “Elwis” filmi paýlaşdy. Olaryň ikisi-de dört baýraga mynasyp boldy.
Iň gowy hudožnik-ýola goýujynyň işi üçin baýragy Demýen Şazelliň “Wawilon” dramasy, iň gowy wizual effektler üçin baýragy bolsa Jeýms Kemeronyň “Awatar: Suwuň ýoly” filmi aldy.
Režissýor Deniel Roeriň “Nawalnyý” lentasy bolsa “Iň gowy dokumental film” hökmünde baýraga eýe boldy. Iň gowy multiplikasion film diýlip “Pinokkio Gilýermo del Toro” saýlandy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....