Türkmenistanyň we Russiýanyň saglygy goraýyş boýunça «ýol kartasy» 2 hepdeden taýýar bolar — Prosenko

  • 20.02.2023 21:52
  • 14k+

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Russiýanyň Zähmet Gahrymany, Moskwanyň baş anesteziolog-reanimatology, asly aşgabatly Denis Prosenko Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýol kartasynyň iki hepdäniň içinde taýýar boljakdygyny aýtdy.

Prosenko, rus lukmanlarynyň Aşgabat şäherine amala aşyran iş saparyndan soň, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda:

«Klinikalarymyzda türkmen kärdeşlerimizi diňe bir nazary tejribeleri alyşmak üçin däl, eýsem, amaly endikleri paýlaşmak üçin hem  görjekdigimize begenýäris» - diýdi.

Moskwanyň baş anesteziolog-reanimatologynyň belleýşi ýaly, türkmen kärdeşleri bilen bolan duşuşykda ynsanperwerlik gatnaşyklary we türkmen lukmanlary bilen özara pikir alyşmak, klinikalar bilen özara aragatnaşyk saklamagyň we mundan beýläk hünär taýdan ysnyşykly işlemegiň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň dowamynda rus hünärmenleri Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetine, Onkologiýa hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezlerine we Halkara hirurgiýa merkezine baryp görmek bilen, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna ýokary baha berdiler.
Işgärleri taýýarlamak meselesine degip geçen Prosenko täze Türkmen-Russiýa uniwersitetinde «lukmançylyk fakultetiniň bolmalydygyny we boljakdygyny» aýtdy.

«Lukmançylyk wekiliýetiniň» düzümine Russiýanyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Tatýana Semýonowa, N.N. Blohin adyndaky Milli onkologiýa merkeziniň müdiri Iwan Stilidi, Moskwanyň A.S Loginow adyndaky kliniki ylmy-amaly merkeziniň müdiri Igor Hatlow we "Kommunarka"-nyň düzümden daşary baş anesteziolog-reanimatolog hünärmeni Denis Protsenko girdi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......