Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-premýeri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýany kabul etdi

  • 19.02.2023 21:51
  • 19k+

19-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň Iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen ikiçäk gepleşikleri geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan şu gün irden ýurdumyza sapar bilen geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany Serdar Berdimuhamedow garşylady.
Prezident Serdar Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen mähirli salamlaşyp, iki ýurduň döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.   
Ikiçäk gepleşikleriň dowamynda Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 21-22-nji noýabrynda BAE bolan resmi saparynyň iki döwletiň däp bolan dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de taraplaryň özara bähbitlilik,  deňhukuklylyk esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berendigi barada aýdyldy.
Şeýle hem ikiçäk gepleşikleriň dowamynda syýasy diplomatik gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda işlenip taýýarlanylan bilelikdäki taslamalaryň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetlidigi bellenilip, maýa goýumlaryny çekmek, garyşyk önümçilikleri döretmek, häzirki zaman hyzmatlar ulgamyny emele getirmek, bank-maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydygy bellenildi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň Iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan  BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň türkmen tarapy bilen netijeli  hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady we mähirli kabul edilendigi üçin Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BAE bilen doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny ýene bir ýola tassyklady.
Gepleşikler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhman paýtagtymyzdan ugrady.


düýn 22:55
679

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......