FIFA Türkiýedäki we Siriýadaky ýertitremelerden ejir çekenler üçin $1 mln bagyş eder

  • 19.02.2023 12:35
  • 41k+

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) gaznasy Türkiýede we Siriýada bolup geçen ýertitremelerden ejir çekenlere ynsanperwer kömegi hökmünde 1 mln dollar bölüp berer. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Bu serişdeler ejir çekenleri wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlary we howpsuz şertler bilen üpjün etmek üçin zerur bolan ynsanperwer kömek predmetlerini satyn almaga sarp ediler. FIFA Türkiýäniň we Siriýanyň futbol federasiýalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer we mundan beýläkki hereketler üçin wakalaryň ösüşine gözegçilik eder.
7,7 we 7,6 bal ululykdaky ýertitremeler 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçdi. Ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýtmagyna görä, olar 1939-njy ýyldan bäri iň güýçli ýertitremeler boldy. Ärdogan betbagtçylygy “asyryň betbagtçylygy” diýip atlandyrdy.
Ýertitremäniň pidalarynyň sany, soňky maglumatlara görä, 40 müň 642 adama ýetdi.


17.06.2026 11:14
8.1k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

17.06.2026 09:46
10k+

Bu üýtgewsiz düzgüne garşy! FIFA Trampa DÇ-2026-nyň ýeňijisine Dünýä kubogyny gowşurmaga rugsat berer

Halkara futbol federasiýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň islegini ýerine düşürdi we oňa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň jemleýji sylaglama dabarasynyň üýtgewsiz düzgünini bozmaga rugsat berdi. Bu......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

10.06.2026 17:32
8.1k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....