Samsung Galaxy S23 smartfonlaryny satuwa goýberdi

  • 18.02.2023 12:00
  • 27k+

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy Galaxy S23 hatarynyň smartfonlarynyň global satuwynyň başlanandygyny mälim etdi. Degişli bildiriş kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.

Ýokary tehnologiýaly gurluşlar ilki Günora Koreýanyň, ABŞ-nyň we ýene-de 53 döwletiň bazaryna çykdy. Geljekde olar 130 döwletde elýeterli bolar.
Ýokary tehnologiýaly gurluşlar üçin deslapky sargytlaryň rekord derejä ýetendigi hem habar berilýär. Diňe Günorta Koreýada olaryň sany 1,09 milliondan geçdi.
Kompaniýa üç modelden ybarat täze smartfon hataryny 1-nji fewralda hödürledi. Galaxy S23 smartfonynyň bahasy 799 dollardan, Galaxy S23 Plus – 999 dollardan, Galaxy S23 Ultra – 1199 dollardan başlaýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...