iPhone 15 Pro-nyň renderleri görkezildi

  • 18.02.2023 10:13
  • 28k+

2023-nji ýylyň güýzünde çykmagyna garaşylýan iPhone 15 Pro smartfony aýratyn renderlerde görkezildi. Suratlary ady belli bolmadyk çeşmeden alan 9to5Mac portaly neşir etdi.

Apple, adatça, täze önümi çykýança, onuň daşlyklary we beýleki esbaplary taýýar bolar ýaly, Aziýadaky zawodlaryna şeýle renderleri iberýär. Neşir edilen suratlar enjamyň daşky görnüşiniň ozalky dizaýnyny saklajakdygyny görkezýär - Dynamic Island ýazgysynyň aşagynda öňe güberip duran kameralaryň üçburç blogyny we tekiz gyralaryny görüp bilersiňiz.

Bu ýyl Apple-iň ulanyjylaryna garaşýan esasy üýtgeşme Lightning portunyň USB-C bilen çalşylmagy bolar - täze birleşdiriji renderde öz beýanyny tapdy. Mundan başga-da, täze smartfonyň OLED ekranynyň, iPhone 14 Pro modeli bilen deňeşdirilende, has inçe çarçuwalydyny görüp bilersiňiz.
9to5Mac, iPhone 15 Pro-yň soňky görnüşiniň goýberilen wagty käbir üýtgeşmeleriň bolup biljekdigini nygtaýar, ýöne renderler häzirki wagtda enjamyň daşky görnüşi barada umumy düşünje berip biler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...