Türkmenistanda 2022-nji ýylyň iň gowy etrabyna 1 million amerikan dollary gowşuryldy

  • 16.02.2023 08:33
  • 38k+

15-nji fewralda Magtymguly Pyragy muzeýinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna ýokary sylagy — ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Geçen ýylyň başynda welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň netijeleri 10-njy fewralda Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi.
Däp bolan bäsleşigiň netijelerini jemleýän ýörite topar Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny amala aşyrmak ýaly esasy ugurlar boýunça ýylyň dowamynda gazanylan görkezijilerden ugur aldy. Ýeňijini kesgitlemekde durmuş ugurly meseleleriň çözülişine, şol sanda iş orunlary bilen üpjün etmek, medeni dynç alşy guramak, ekologik abadançylygy goramak, hemmetaraplaýyn bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek meselelerine uly ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly taýýarlyk görülýän günlerde türkmen halkynyň meşhur şahsyýetiniň dogduk mekanynyň şeýle abraýly derejä eýe bolmagy aýratyn guwandyryjydyr.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......